- ekmek
- işlik1) Gögertmek üçin ýere tohum sepmek, agaç oturtmak.∙ Agdaryp çykan ýerine bolsa bugdaý, gawun, mekgejöwen ekýär. (K. Jumaýew, Dört Dogan)∙ Ekini nähili şert bilen eken bolsalar, şol şerte görä-de paýlaşýarlar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)∙ Ol onuň-munuň ýer-suwuny ýarpysyna ekerdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)∙ Ekene bar, ekmedige ýok. (Nakyl)2) Göçme manyda Döwmek, ýoklamak, puja çykarmak.◊ bolsady ekmek — Häzirki wagtda bolmadyk, geljekde bolaýmagy mümkin bolan ýa-da fantastik käbir zatlary göz öňüne getirmek, arzuw etmek.∙ Bolsady ekeniň bilen gögerýän bolsa, men hem okaman, tejribe geçmän, lýotçik bolardym. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)∙ Diňe bir adamyň ekýän, bolasdysy däl-de, hatda guramalaryň-da öz düzen planlaryny bir sebäp bilen dolduryp bilmeýän wagtlary-da bolar. (B. Soltannyýazow, Kümüş)∙ Onuň agzyndan çykýan sözler bolsady ekmek ýaly bir hili süýji, ýakyly bolup ýürekden turýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)∙ Gereginiz erkek bolsa, howudyňyzy üpjünläberiň! -- diýip, ummasyz bolsady ekýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.